Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Friday, 16 February 2018 19:50

Yragyň Mosul sebitinde DAEŞyň onlarça agzasy heläk boldy

Yragyň Mosul sebitinde DAEŞyň onlarça agzasy heläk boldy
Yragyň demirgazygynda ýerleşen Mosul şäheriniň günbatarynda bu ýurdyň howpsyzlyk güýçleriniň amala aşyran operasiýalarynda terrorçy DAEŞ toparynyň 19 agzasy heläk boldylar.

Türkiýäniň Anadolu habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Yrakda Neýnawa operasiýalar merkeziniň serkerdelerinden bolýan Jafar Abdolaziz Al-Bekriň aýtmagyna görä,Mosulyň töwereginde terrorçy toparlaryň harby hereketleri barada kä habarlaryň gowuşmagyndan soňra bu harby operasiýasy amala aşyrlandyr.

Yrakda terrorçy DAEŞ toparynyň işi gutaran bolsada emma häzirde bu toparyň käbir agzalary Yragyň käbir sebitlerinde terrorçylykly hüjümleri ýola berýändirler.

şol bir wagtda Al-Maýadintele ýaýlymy Yrakda terrorçy daeş toparynyň şowsyzlyga uçramagy bilen onuň howpynyň aýyrmandygyny nygtap henizem terrorçy daeş toparynyň ilat oturymly sebitlerde we öýlerde jaýlan bombalary adamlaryň janyna howp abandyryp durandyr diýip yglan etdi.

Add comment


Security code
Refresh