Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Wednesday, 14 February 2018 19:08

Yragy gaýtadan abatlamak boýunça halkara konferensiýasy

Yragy gaýtadan abatlamak boýunça halkara konferensiýasy
Kuweýtiň emiri Şyh Sabah Al-ahmad Al-jaber Al-Sabah Yragy gaýtadan abatlamak boýunça halkara konferensiýasynda eden çykyş'ynda Yragy gaýtadan abatlamak we bu ýurtda maýagoýum etmek üçin iki milliard dollary halslanlygyny yglan etdi.

bu pulyň bir milliard dollary kredit adynda Yrak döwletiniň erkinde goýuljakdyr we birmilliard dollary hem bu ýurtda maýagoýum ediljekdir diýip Kuweýtiň emiri Şyh Sabah Al-ahmad Al-jaber Al-Sabah sözüne goşdy.

bu konferensiýada çykyş eden Yragyň premýer ministri heýdar Al-Ebadi hem terrorizme garşy göreşmekde 5  million Yraklynyň awara bolanlygyny aýdyp Bagdat döwleti bu awaralaryň ýarysyndan gowragyny  öz ýaşaýan ýerlerine öwürip   getirip başarandyr diýdi.

Heýdar Al-Ebadi şeýle-de Yrak döwleti korrupsiýa garşy göreşmegi hem dowam edip durandyr diýip sözüne goşdy.

Ýewropa bileleşiginiň daşary syýasat jogapkäri federika Mugerini hem Kuweýtde Yrak barada geçirlen halkara konferensiýada eden çykyşynda bu günki gün Yrak döwleti merdan we zenanlarynyň hümmeti bilen ajy sahypany ýapdy diýmek bilen parahatçylygy berkarar etmäge Yrak milletine goldaw berilmelidir diýip nygtady.

Add comment


Security code
Refresh