Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Tuesday, 17 October 2017 10:31

Kerkukiň özgerişleri barada Yragyň daşary işler ministrliginiň çykaran beýannamasy

Kerkukiň özgerişleri barada Yragyň daşary işler ministrliginiň çykaran beýannamasy
Yragyň daşary işler ministrligi bir beýannama boýunça bu ýurduň Kerkuk welaýatynyň bütin sebitlerine musallat bolmak uýurda Operasiýalaryň dowam etdiriljekdigini yglan etdi.

Kerkuk operasiýasy üns bererli çaknyşyklara gabat gelmezden tamamlanandyr emma Yrak döwleti tutuş Yraga musallat bolmak ugurda berk yrada gulluk edýändir diiýp Yragyň daşary işler ministrligi ýaňky beýannamada nygtap geçdi.

Kerkukde amala aşyrlan operasiýalardan maksat merkezi döwletiň bu sebite mussallat bolmagy ugurdadyr we kürtlere garşy urş yglan edilmegi manysynda däldir diýip Yragyň daşary işler ministrligi bir yglan etdi.

Yragyň premýer ministri Heýdar Al-Ebadi ýekşenbe gije küer pişmärge güýçleriň Kerkukden çykmaklary üçin berilne 72 sagat möhletden soňra Kerkukde nebit guýlaryny öwürip almak ugurda Yrakly güýçleriň opreasiýalara başlamaklaryna buýruk berdi.

Yrakda terrorçy DAEŞ toparynyň amala aşyran terrorçylykly hüjümleriň netijesiden ýüze çykan durnuksyzlyklarda peýdalanyp 2014-nji ýylyň iýun aýynda Yragyň kürt pişmärge güýçleri Kerkukiň käbir böleklerini hemde nebit guýlaryny öz erkine geçiripdiler.

Add comment


Security code
Refresh