Monday, 09 October 2017 21:08

Erbil Bagdadyň şertini ret etdi

Erbil Bagdadyň şertini ret etdi

 

 

Yrak Kürdüstanynyň ýerli edarasynyň başlygy bu sebitiň resmileriniň Erbil-Bagdadyň arasyndaky meseläni çözmek üçin Bagdat bilen çynlakaý we şertsiz gepleşikleri geçirmegi isleýändiklerini yglan etdi.

Soňky wagtlarda Yragyň premýer minstri heýdar Al-Ebadi bu ýurduň baş kanuny esasynda Kürdüstan sebitiniň resmileri bilen gepleşik geçiriljekdigini yglan  etdi.

Al-Ebadi şeýle-de Yrak Kürdüstanynyň garaşsyzlygy ugurda geçirlen referendomyň netijesiniň bozulmagyny isledi.

Yrak Kürdüstanynyň ýerli edarasynyň başlygy Niçerwan Barezani düýn Soleýmeniýede galkynyş hereketiniň agzalary bilen geçiren duşuşygynda Yragyň prezidenti Foad Masumiň geljek hepde syýasy toparlar bilen geçirjek maslahatyny garşylady.

Add comment


Security code
Refresh