Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Sunday, 13 August 2017 15:55

Yragyň türkmenleri bu ýurduň kürdüstan sebitiniň garaşsygy baradaky referendoma gatnaşmaýarlar

Yragyň türkmenleri bu ýurduň kürdüstan sebitiniň garaşsygy baradaky referendoma gatnaşmaýarlar

 

 

Yragyň demirgazygynda ýerleşen kerkuk şäherinde ýaşaýan türkmenler bu ýurduň Kürdüstan sebitiniň garaşsyzlygy barada referendomyň geçirilmegine garşy çykdylar.

Şu ugurda türkmenler ýüzlerçe plakardlary neşir edip  kürtleriň referendom geçirmek baradaky hereketini ýazgardylar.

Ýaňky plakardlarda kerkuk ilatynyň referendom geçirilmegine garşydygy nygtalandyr diýip Yrakly türkmen medeni  aktiwisti  Emad Aslan aýtdy.

Kerkukiň jemgyýet gurumy türkmen. Arap we kürtlerden şeýle-de hiristiýanlardan ybaratdyr diýip Emad Aslan sözüne goşdy.

Emad Aslan şeýle-de Yrak Kürdüstanynyň ýerli edarasy referendomyň geçirilmegine aýak dirän ýagdaýynda plakardlar we şygarlar  garşylykly herekete  öwürlip bu mesele halkara derejesinde  çekiljekdir diýip nygtap geçdi.

Şol bir wagtda Yrak türkmenleriniň başlygy Arşad Salehi hem Yrak Kürdüstanynyň garaşsyzlygy baradaky referendoma türkmenleriň gatnaşmajakdyklaryny yglan etdi.

Add comment


Security code
Refresh