Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Wednesday, 19 July 2017 21:45

Yrak türkmenleri Kürdüstan sebitinde referendom geçirilmegine garşydyrlar

Yrak türkmenleri Kürdüstan sebitinde referendom geçirilmegine garşydyrlar

 

 

Yrak türkmenleri bu ýurduň Kürdüstan sebitinde referendomyň geçirilmegine we bu sebitiň Yrakdan üzülmegine garşy çykdylar.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä Yrak türkmenleriniň , bu ýurduň mejlisindäki wekili Hijran Gazançy şu gün Ankarada habarçylar bilen geçiren söhbetdeşliginde Kürdüstan sebitiniň Yrakdan üzülmegi barada referendom geçirilse , arap we türkmenler hem şu hili referendomy geçirmegi islejekdirler diýdi.

Eger sebitde  şaý we sünnileriň arasynda agzalalyk ody ölçerilse hiç kim ony kontrol edip başarmaz oňa görä durmuşky ýagdaýda Yragyň toprak bitewiligi zerur bolup durýar diýip Gazançy aýtdy.

Yragyň Kürdüstan sebitiniň partiýalary geçen iýun aýynda bu sebitiň başlygy masud barzani bilen geçiren maslahatynda 2017-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Yragyň Kürdüstan sebitiniň bu ýurtdan üzülmegi barada referendom geçirilmegi bilen ylalaşdylar.

Yrak resmilerinden aýry Eýran we Türkiýe resmileri hem bu meselä garşy çykdylar.

Add comment


Security code
Refresh