Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Wednesday, 30 December 2015 22:02

Yrak Türk güýçleriniň bu ýurduň topragyndan çykmaklaryny nygtady

Yrak Türk güýçleriniň bu ýurduň topragyndan çykmaklaryny nygtady

 

 

Yrak resmileri Türkiýeli güýçleriň bu ýurduň demirgazygyndan çykmaklaryny ýene bir gaýtar nygtadylar.

Sumaria News habar ulgamynyň beren habaryna görä,Yragyň premýer ministri Heýdar Al-Abadi bilen Yragyň Kürdistan yklymynyň başlygy Masud Barezani şu gün telefon arkaly geçiren söhbetdeşliklerinde Türkiýeli güýçleriň Yragyň demirgazygyndan çykmalydyklaryny nygtadylar.

Yragyň premýer ministri bilen Kürdistan yklymynyň başlygy bu söhbetdeşlikde şeýle-de Yragyň içeri işlerine goşulmazlykda Türkiýe bilen Türkiýe bilen garşylykly hormat esasynda hoş niýetli aragatnaşyklaryň saklanmagyny nygtadylar.

Bu söhbetdeşlikde şeýle-de Yragyň Kürdistan yklymynyň başlygy Masud Barezani Yrakly güýçleriň operasiýalarynda Al-Ramadi şäheriniň terrorçy DAEŞ toparynyň elinden azat edilmegini gutlady.

Add comment


Security code
Refresh