Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 13 August 2015 17:02

Eýran Bagdatda ýüze çykan terrorçylykly partlamany ýazgardy

Eýran Bagdatda ýüze çykan terrorçylykly partlamany ýazgardy

 

 

Eýranyň daşary işler ministrliginiň sözçüsi,Yragyň paýtagty Bagdadyň Sadr şäherçesinde amala aşyrylan terrorçylykly partlamany ýazgardy.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň beren habaryna görä,hanym Marziýe Afham şu gün beren gürrüňlerinde Yrakda terrorçylykly jenaýatlaryň Artmagy babatly alada bildirip,terrorizme garşy göreşde halkara derejesinde täsirli hereket edilmegiň zerurdygyny nygtady.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň sözçüsi sözüniň dowamynda bu terrorçylykly partlamada gurban bolanlaryň dogan garyndaşlary hemde Yrak milleti we döwleti bilen duýgydaşlyk bildirip,Eýran Yslam Respublikasynyň terrorizme garşy söweşde Yragy goldaýandygyny yglan etdi.

Şu gün Bagdadyň şaý oturymly Sadr şäherçesinde içi bombadan doly bolan bir maşynyň partlamagy netijesinde azyndan 77 adam ölüp 200-den gowrak adam bolsa ýaralandylar.

Add comment


Security code
Refresh