Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 09 April 2018 12:43

Aş­ga­ba­da Azi­ýa fut­bol kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň we­ki­li­ýe­ti bardy

Aş­ga­ba­da Azi­ýa fut­bol kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň we­ki­li­ýe­ti bardy
Türkmenistanyň paý­tag­ty­na Azi­ýa Fut­bol kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti Şeýh Sal­man bin Ib­ra­gim Al-Ha­li­fiň baş­tu­tan­ly­gyn­daky (AFK) we­ki­li­ýet iş sa­pa­ry bi­len bardy.

Myh­man­lar Türk­me­nis­ta­nyň Fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň eda­ra ja­ýyn­da bo­lup, bu ýer­de onuň işi bi­len ta­nyş­dy­lar. Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­myz­da spor­tuň bu gör­nü­şi­niň ös­dü­ril­me­gi­niň gel­je­gi ha­kyn­da anyk gür­rüň edil­di.

Soň­ra myh­man­lar ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt-şaş­ka mek­de­bi­niň mas­la­hat­lar za­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň ag­za­la­ry we klu­buň ýol­baş­çy­la­ry — mil­li çem­pio­na­ta gat­na­şy­jy­lar bi­len du­şuş­dy­lar.

Azi­ýa Fut­bol kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň baş sek­re­ta­ry Da­to Windz­sor Jon Türk­me­nis­tan­da fut­bo­lyň ösü­şi­niň oňyn dep­gi­ni­ni bel­le­di. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne türk­men tür­gen­le­ri­niň hal­ka­ra are­na­da­ky üs­tün­lik­le­ri, şol san­da Türkmenistanyň mil­li ýy­gyn­dy to­pa­rynyň Azi­ýa­nyň Ku­bo­gy — 2019 ug­run­da­ky ýa­ry­şyň ta­mam­laý­jy bö­le­gi­ne çyk­ma­gy-da şa­ýat­lyk ed­ýär. Bu oýun Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de bo­lup ge­çer.

Mun­dan baş­ga-da, Türkmenistanyň ze­nan­lar ýy­gyn­dy to­pa­ry Tai­land­da fut­zal bo­ýun­ça geç­jek Azi­ýa­nyň çem­pio­na­ty­nyň ta­mam­laý­jy ýa­ry­şy­na gat­na­şar­lar. Mu­nuň özi türk­men fut­zal­çy ze­nan­la­ry­nyň şeý­le iri ýa­ryş­lar­da­ky il­kin­ji çy­ky­şy­dyr. Mas­la­hat­da şu ýy­lyň Azi­ýa Fut­bol kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň (AFK) Azi­ýa­nyň Ku­bo­gy ug­run­da­ky äh­mi­ýe­ti bo­ýun­ça ikin­ji ýa­ryş­da “Al­tyn asyr” we “Ahal” to­par­la­ry­nyň şow­ly çy­kyş­la­ry bel­le­nil­di.

Baş sek­re­tar şeý­le hem bir­nä­çe so­wal­la­ra, şol san­da türk­men to­par­la­ry­nyň çy­kyş et­jek AFK-nyň Ku­bo­gy ug­run­da­ky ýa­ryş­la­ryň düz­gün­le­ri­ne üýt­get­me­ler gi­riz­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly so­wal­la­ra jo­gap ber­di. AFK-nyň we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry Türkmenistanda bol­mak­la­ry­nyň çä­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­tin­de hem-de Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň ýol­baş­çy­ly­gy bi­len du­şu­şyk­lar ge­çir­di­ler.

AFK-nyň we­kil­le­ri Aşgabadyň sport des­ga­la­ry­na, hu­su­san-da, hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­my­na we ge­çen ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň uly üs­tün­lik­ler bi­len ge­çen Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler.

Soň­ky ýyl­lar­da Türkmenistanyň sport dü­züm­le­ri iş­jeň ös­ýär. Bu oňyn he­re­ket fut­bo­lyň hem du­şun­dan geç­me­di. Aş­ga­bat­da dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän sta­dion­la­ryň üçü­si ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki oýun­la­ry ka­bul edip bi­ler. On­dan baş­ga-da, we­la­ýat­la­ryň her bi­rin­de hä­zir­ki za­man fut­bol meý­dan­ça­la­ry gu­rul­dy. Hu­su­san-da, di­ňe şu ýy­lyň özün­de Bal­ka­na­ba­dyň sport top­lu­myn­da bir­nä­çe hal­ka­ra oýun­lar bo­lup geç­di.

Add comment


Security code
Refresh