Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Saturday, 07 April 2018 21:22

Minskde GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Minskde GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi
2018-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.G.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda Arkalaşygyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň netijeli gurallarynyň biri hökmünde GDA-nyň agza ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda ulgamlaýyn esasda we anyk kesgitlenilen gün tertipli ikitaraplaýyn geňeşmeleriň yzygiderli geçirilip durulmagy bellenilip geçildi.

Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar GDA-nyň agza ýurtlary şeýle hem Arkalaşyga girmeýän döwletler gatnaşyjy bolup durýan iri sebit taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň möhümligini belläp geçdiler.

Arkalaşygyň döwletleriniň halklarynyň arasynda dostlugy we birek-birege düşünişmekligi berkitmegiň wajyp ygtybarly ýagdaýy bolup hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer düzümi çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, çagalar, ýetginjekler we zenanlar guramalarynyň, bilim we ylmy edaralarynyň, şeýle hem GDA-nyň ýyrtlarynyň sport birleşikleriniň ugurlary boýunça gatnaşyklary giňeltmek bu ugurdaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze mazmun bermäge ukyply diýip Türkmenistanyň wekiliýeti belläp geçdi.

Mejlisiň jemleri boýunça türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy tarapyndan 2017-nji ýyl üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde Daşary işler ministrlikleriniň arasynda köp derejeli geňeşmeleriň Meýilnamasynyň durmuşa geçirilendigi baradaky Karara we 2018-nji ýyl üçin Meýilnama, şeýle-hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2021-nji ýyly binagärlik we şäher gurluşygy ýyly diýip uglan etmek baradaky Karara gol çekdi.

Add comment


Security code
Refresh