Duşuşygyň dowamynda Arkalaşygyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň netijeli gurallarynyň biri hökmünde GDA-nyň agza ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda ulgamlaýyn esasda we anyk kesgitlenilen gün tertipli ikitaraplaýyn geňeşmeleriň yzygiderli geçirilip durulmagy bellenilip geçildi.
Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar GDA-nyň agza ýurtlary şeýle hem Arkalaşyga girmeýän döwletler gatnaşyjy bolup durýan iri sebit taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň möhümligini belläp geçdiler.
Arkalaşygyň döwletleriniň halklarynyň arasynda dostlugy we birek-birege düşünişmekligi berkitmegiň wajyp ygtybarly ýagdaýy bolup hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer düzümi çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, çagalar, ýetginjekler we zenanlar guramalarynyň, bilim we ylmy edaralarynyň, şeýle hem GDA-nyň ýyrtlarynyň sport birleşikleriniň ugurlary boýunça gatnaşyklary giňeltmek bu ugurdaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze mazmun bermäge ukyply diýip Türkmenistanyň wekiliýeti belläp geçdi.
Mejlisiň jemleri boýunça türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy tarapyndan 2017-nji ýyl üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde Daşary işler ministrlikleriniň arasynda köp derejeli geňeşmeleriň Meýilnamasynyň durmuşa geçirilendigi baradaky Karara we 2018-nji ýyl üçin Meýilnama, şeýle-hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2021-nji ýyly binagärlik we şäher gurluşygy ýyly diýip uglan etmek baradaky Karara gol çekdi.