Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 05 April 2018 21:40

Türkmenistanyň we Iordan Haşemit Patyşalygy syýasy geňeşmeleri geçirdiler

Türkmenistanyň we Iordan Haşemit Patyşalygy syýasy geňeşmeleri geçirdiler
2018-nji ýylyň 4-5-nji aprelinde Türkmenistanyň wekiliýeti gulluk iş saparynda boldylar. 4-nji aprelde Amman şäherinde Daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler boldy. Bu syýasy geňeşmelere Iordan tarapyndan bu ýurduň Daşary işler we ekspatriantlar ministrliginiň Baş Sekretary Zaýed Al Loziniň ýolbaşçylygyndaky topar gatnaşdy.

Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna seredildi we Türkmenistan bilen Iordan Haşemit Patyşalygynyň arasyndaky gatnaşyklaryň öňdebaryjy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Syýasy hyzmatdaşlygyň meselelerine garamak bilen, taraplar halkara guramalarynyň çarçuwasynda geljekde hyzmatdaşlygy utgaşdyrmakda gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Mundan başga-da söwda-ykdysady özara gatnaşyklarynyň meselelerine seredildi. Ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän ugurlaryň hatarynda energetika, ulag we oba hojalygy pudaklary bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň, medeni-ynsanperwer ulgamynda, hususan hem, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk pudaklarynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Add comment


Security code
Refresh