Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 22 March 2018 21:13

Türkmenistan Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny garşylady

Türkmenistan Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny garşylady
Türkmenistan Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny uly ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramyň hormatyna Nowruz ýaýlasynda ägirt uly öýüň görnüşinde gurlan “Türkmeniň ak öýünde” däp bolan toý dabaralary ýaýbaňlandy.

Türkmenistan röwşen Nowruz baýramyny şatlyk we şowhun bilen garşylady. Şu bahar günleri Türkmenistanyň ähli künjeklerinde bellenilýän dabaralar gadymy türkmen topragyny ruhy gymmatlyklaryň nury we ýylysy, asyrlaryň paýhasy bilen şöhlelendirip, ony aýdymdyr sazlar, gadymy dessurlaryň gözelligi bilen baýlaşdyryp, ajaýyp duýgulary we täsirleri peşgeş berdiler.

Şu gün baýramçylyk konsertleri we beýleki dabaraly çäreler Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň merkezlerinde we Aşgabat şäherinde giňden ýaýbaňlandyryldy.

Add comment


Security code
Refresh