Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 01 March 2018 22:24

Eýranyň senagat we söwda ministri Türkmenistanyň prezidenti bilen duşuşdy

Eýranyň senagat we söwda ministri Türkmenistanyň prezidenti bilen duşuşdy
Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýokary derejeli bir topara baştutanlyk edip Aşgabada sapar eden Eýran Yslam Respublikasynyň senagat,magdan we söwda ministri Muhammet Şariatmadari şu gün öýleden soňra Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhmedow bilen duşuşdy

Bu duşuşykda Türkmenistanyň döwlet baştutany Aşgabatda Eýranyň ýöriteleşdirilen 14-nji sergisiniň hemde söwda ýygnaklarynyň geçirilmeginden hoşallyk bildirip bu hili programalaryň iki dost we goňşy ýurdyň sebitleýin we halkara derejesindäki söwda we ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine sebäp bolup biljekdigini aýtdy.

Berdimuhamedow şeýle-de Türkmenistan bilen Eýran milletleriniň gadymdan gelýän taryhy we medeni meňzeşliklerine yşarat edip iki ýurdyň özara gatnaşyklaryny aýratynda syýasy,ykdysady,medeni,söwda we ylmy meýdanlarda hemde sebitleýin we halkara derejelerinde hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek ugurda köp ukyplara eýedigini belläp geçdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň senagat,magdan we söwda ministri Muhammet Şariatmadari hem bu duşuşykda Tehran döwletiniň Aşgabat bilen saklaýan uzak möhletli gatnaşyklaryny ösdürmek üçin berk yrada gulluk edýändigini nygtap geljek Mart aýyň soňlarynda Eýranyň prezidentiniň Türkmenistana gurnajak saparynyň iki ýurdyň dostlukly we doganlykly gatnaşyklarynda täze baby açjakdygyny aýtdy.

Şariatmadari şeýle-de Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow bilen hem duşuşdy.

Eýranyň 14-nji ýöriteleşdirilen sergisi şu gün Eýranyň 60 kompaniýasynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat işini başlady.bu sergi 3 gün dowam edýär.

 

Add comment


Security code
Refresh