Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Wednesday, 31 January 2018 20:37

Türkmenistanyň Eýrandaky ilçisi Brujerdi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Eýrandaky ilçisi Brujerdi bilen duşuşdy
Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy terrorizmiň sebitdir dünýäniň bütin ýurtlaryna howpdygyny aýdyp terrorizme garşy göreşmek howpsuzlyk hyzmatdaşlyklary talap edýändir diýdi.

Alaeddin Brujerdi  Tehranda Türkmenistanyň Eýrandaky ilçisi Ahmat Gurbanow bilen geçiren duşuşygynda Eýran bilen Türkmenistanyň howpsuzlyk hyzmatdaşlyklarynyň zerurlygyny nygtap parlament gatnaşyklaryň ösdürilmegi iki ýurduň hyzmatdaşlyklarynyň badalga almagyna mümkinçilik döredip biljekdir diýip nygtap geçdi.

Brujerdi Eýran bilen Türkmenistanyň taryhy we medeni meňzeşliklerine yşarat edip  iki ýurt mydama gowy gatnaşyklardan paýlydylar we bu mesele hem Tehran-Aşgabadyň syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegine şert döredýändir diýip sözüne goşdy.

Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy şeýle-de Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky bilelikdäki proýektleriň basymlykda amala aşyrylmagyny hemde gäz geçiriji turba ýoluň ugrundäky kynçylyklaryň çözülmegini umyr etdi.

Türkmenistanyň Eýrandaky ilçisi Ahmat Gurbanow hem bu duşuşykda gaz proýektleriň tehniki kynçylyklaryny çözmek ugurda Eýran bilen Türkmenistanyň ekspertleriniň gepleşikleriniň dowam etdirilmegini nygtady.

ol şeýle-de Eýran bilen Türkmenistanyň syýasy we ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek ugurda uly mümkinçiliklere eýedirler oňa görä bu mümkinçiliklerden iki ýurduň milletleriniň bähbitleri ugurda haýyrlanylmalydyr diýip sözüne goşdy.

Add comment


Security code
Refresh