Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Wednesday, 17 January 2018 18:18

Yslamabatda Türkmenistanyň we Pakistanyň arasynda syýasy geňeşmeleriň nobatdaky mejlisi geçirildi

Yslamabatda Türkmenistanyň we Pakistanyň arasynda syýasy geňeşmeleriň nobatdaky mejlisi geçirildi
2018-nji ýylyň 14-16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti iki günlik sapar bilen Yslamabatda boldy. Günüň birinji ýarymynda duşenbe güni Pakistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň we Pakistanyň arasynda daşary işler ministrleriň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Pakistan tarapyna ýurduň Daşary işler ministri Khawaja Muhammad Asif ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň gün tertibine hökümetara gatnaşyklaryny ösdürmegiň we ikitaraplaýyn hökümetara toparynyň işiniň meseleleri goşuldy. Halkara we sebitleýin, şeýle hem häzirki zaman wehimlerine we howplaryna gärşy göreşmek boýunça bilelikdäki hereketleri işjeňleşdirmegiň meseleleri boýunça işjeň pikirleri alyşyldy. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan - Hindistan gazgeçirijisiniň gurşuşygynyň taslamasyny we beýleki wajyp bilelikdäki taslamalaryny, hususan hem, elektroenergetika we aragatnaşyk, ulag-kommunikasiýa çygyrlarynda durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň stategiki ähmiýeti barada aýdyp, taraplar ýokary derejedäki saparlarynyň ähmiýetini bellediler. Syýasy hyznatdaşlygyň meselelerine garamak bilen, geljekde halkara guramalarynyň çäginde gatnaşyklary utgaşdyrmakda gyzyklanma bildirdiler.

Ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriniň ahyrynda Diplomatik pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Päkistan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistanyň wekiliýeti saparyň dowamynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Hüsseýn, Pakistanyň Premýer-ministri Şahid Hakkan Abbasi, Pakistanyň Meýilleşdiriş toparynyň Başlygynyň orunbasary Sartaj Aziz we Pakistanyň  nebit boýunça döwlet ministri Jam Kamal Han bilen duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklaryň dowamynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary geljekde ösdürmeklige gyzyklanma bildirilip, syýasy we söwda-ykdysady ulgamlarynda özara gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň çäginde türkmen wekiliýtiniň agzalary Pakistanyň döwlet we hususy edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyklary geçirip, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we geljekki özaragatnaşygyň meýillerini bellediler.

Add comment


Security code
Refresh