Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 11 January 2018 20:52

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Daşary işler ministrleri geljekde gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Daşary işler ministrleri geljekde gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2018-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Malaýziýanyň wekiliýetine Daşary işler ministri Dato Sri Anifah Aman ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda, şeýle-hem energetika, ulag, bilim we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp, taraplar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda gatnaşyklary geljekde ugurlaryň giň çygry boýunça ösdürmekde birnäçe tekliplere garadylar.

Şeýle-hem Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde we giňeltmekde iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň yzygiderli esasda geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler.  

Türkmenistana saparynyň dowamynda Malaýziýanyň Daşary işler ministri Dato Sri Anifah Aman Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyplaryň öňünde leksiýa bilen çykyş etdi.

 

Add comment


Security code
Refresh