Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 01 January 2018 18:56

Türkmenistan döwleti Owganystana geçirýän elektrikini kesdi

Türkmenistan döwleti Owganystana geçirýän elektrikini kesdi
Türkmenistanyň döwleti Owganystanyň Herat, Sarpol, Jowzjan we Fasrýab welaýatlaryna geçirýän elektrikini kesendir diýip Owganystanyň milli elektrik kompaniýasy yglan etdi.

Tasnim habarlar gullugynyň beren habaryna görä Owganystanyň milli elektrik kompaniýasynyň metbugat wekili Wahidolla Towhidi  öten agşamdan Türkmenistandan Owganystana geçirilýän elektrik kesilendir diýip yglan etdi.

Wahidolla Towhidi sözüniň dowamynda Türkmenistan döwleti Owganystana satýan elektriki8niň bahasynyň 100 göterim artdyrylmagyny isleýändir emma bu isleg kabul edilen däldir diýip yglan etdi.

Owganystanyň milli elektrik kompaniýasynyň metbugat wekili Wahidolla Towhidi  şeýle-de mundan ozal elektrikiň bahasy hakynda gepleşikler geçirlipdi emma Türkmenistan döwleti onuň netijesine garaşmany Owganystana geçirýän elektrikini kesendir diýip sözüne goşdy.

Add comment


Security code
Refresh