Wednesday, 06 December 2017 18:44

Moskwada Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministleriniň ýedinji maslahaty bolup geçdi

Moskwada Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministleriniň ýedinji maslahaty bolup geçdi
2017-nji ýylyň 4-5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Moskwa şäherinde boldy we Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministleriniň ýedinji maslahatyna gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýasyndan gelip çykýan meseleleri, şeýle hem ykdysadyýeti, ulagy, brakonýerçilik bilen göreşmegi, deňizde ýüzmegiň howupsyzlygyny üpjün edýän we beýlekileri öz içine alýan Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy düzgünleşdirýän resminamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministleriniň maslahatynyň ahyrynda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrowyň metbugat maslahaty geçirildi. Ol Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýasynyň üstünde işlemäge aýratyn üns berlendigini we şu resminamany taýýarlamak bilen bagly açyk galan ähli wajyp soraglaryň çözgüdiniň tapylandygyny aýtdy. S.Lawrow ýakyn wagtda resminamanyň üstünde işleniler we rejelener, milli dillere terjime ediler, Hazarýaka dowletlerinde bu şertnama ýokary derejede gol çekmek üçin taýýarlyk görler diýip belläp geçdi.

Russiýa Federasiýasyna saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy we geljekdäki özara gatnaşyklaryň takyk ugurlary kesgitlenildi. Duşuşygyň ahyrynda iki dowletiň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2018-nji ýyl üçin Hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekdiler.

Add comment


Security code
Refresh