Sunday, 26 November 2017 20:50

28-29-njy noýabrynda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi gecirile

28-29-njy noýabrynda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi gecirile
2017-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi geciriler.

Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň nobatdaky 28-nji mejlisi gatnaşyjy döwletleriň hem-de synçy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, halkara we sebit guramalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini birleşdirer. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Aşgabat forumyna uly gyzyklanma bildirýärler. 

Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň işi iki bölümden – hukuk we ministrler böleginden ybarat bolar. Forumyň gün tertibine Energetika Hartiýasynyň şu ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň netijeleri hem-de onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge we geljegiň durnukly energetikasyny üpjün etmek maksady bilen netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmäge degişli meseleleriň giň toplumy giriziler.

       Türkmenistanyň prezidentiniň energetika ulgamynda öňe süren hem-de dünýä bileleşiginiň ählumumy goldawyna mynasyp bolan halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns berler.

         Forumyň çäklerinde pudaklaýyn sergi guramak meýilleşdirilýär.

Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň nobatdaky 28-nji mejlisiniň jemleri boýunça Jemleýji resminamanyň kabul edilmegi, şeýle hem metbugat maslahatynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Add comment


Security code
Refresh