Wednesday, 13 September 2017 22:01

Türkmenistan tutuş Ýer ýüzünde abadançylygyň bähbidine möhüm halkara başlangyçlary yzygiderli durmuşa geçirýär

Türkmenistan tutuş Ýer ýüzünde abadançylygyň bähbidine möhüm halkara başlangyçlary yzygiderli durmuşa geçirýär

 

 

  Ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly aragatnaşyklary has-da artdyrmagy we pugtalandyrmagy aýgytly maksat edinýän Türkmenistan milli hem-de umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýän “açyk gapylar” syýasatyny netijeli alyp barýar. Şu ýylyň awgustynda Türkmenistanyň ministrlikleri hem-de pudak edaralary tarapyndan giň halkara hyzmatdaşlyk babatda geçirilen köpsanly işewür duşuşyklar, maslahatlar hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan daşary syýasat strategiýanyň netijelidigine şaýatlyk edýär.

7-nji awgustda DIM-de BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarlynyň Müdirliginiň sebitleýin wekili, sebitleýin utgaşdyryjysy hanym Ýasuko Oda baştutanlyk edýär. Duşuşykda Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunçaV Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görlüşiniň barşy hem-de öňde boljak yklymlaýyn ýaryşlara bosgunlaryň ýygyndy toparynyň gatnaşmagynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hanym Ýasuko Oda bu wakanyň özboluşlydygyny nygtap, şeýle teklip hem-de şunuň ýaly uly möçberli çärä Keniýadan bolan bosgunlaryň gatnaşmagyna döredilen mümkinçilik üçin BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarlnyň Müdirliginiň ýolbaşçylarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.

 

Add comment


Security code
Refresh