Thursday, 07 September 2017 13:16

Türkmenistanyň Prezidenti 5-nji Aziýa oýunlarynyň taryhy ähmiýetini belledi

Türkmenistanyň Prezidenti 5-nji Aziýa oýunlarynyň taryhy ähmiýetini belledi

 

 

 Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat 2017” oýunlaryna on gün galmagy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy.

Irden Türkmenistanyň döwlet Baştutany Olimpiýa şäherçesine, “Sport” myhmanhanasyna geldi. Bu ýere Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, giň sport jemgyýetçiligiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we köpsanly myhmanlar ýygnandylar.

Bu ýerde teleköpri guraldy, ol Olimpiýa şäherçesine “Galkynyş” käni bilen baglaşdyrdy, şol ýerde Oýunlaryň alawy ýakylar.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany öz çykyşynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryň taryhy ähmiýetini belledi.

7 ýyl öň Türkmenistan döwleti 5-nji Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyna eýe boldy. Elbetde, geçen şu döwrüň her aýy, her ýyly Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň halkara sport abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýän möhüm wakalar bilen şöhratlandy diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryna 500 gün galanda gadymy Nusaý galasyndan deňi-taýy bolmadyk atly ýörişe badalga berildi.

Atly ýigitleri Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda bolup, üstünlikli ýöriş etdiler.

Şu gün bolsa, bu taryhy ýörişe gatnaşýan atly Türkmen ýigitleri Mary welaýatyndan Aziýa oýunlarynyň alawyny alyp, Aşgabat şäherine ýola düşerler.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Mary welaýatyndaky dünýäde belli, iň uly gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» ojagyndan 5-nji Aziýa oýunlarynyň alawyny ýakmaga Ak pata berdi.

 

Add comment


Security code
Refresh