Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Eýran
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Zagrebde Horwatiýanyň döwlet baştutany bilen duşuşyp iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtady.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif geçen duşenbe gijesi Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşinde Eýrany ýemene ýarag ibermekde aýyplap Britaniýanyň ileri süren taslama ýazgysyna yşarat edip bu ýerde bolup …
daşary gatnaşyklar boýunça Eýranyň strategik geňeşiniň başlygy Ýemene garşy hüjümde Arabystana goldaw berýän ýurtlar Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşinde Eýrana garşy rezolýusiýany tassyklamakda şowsuzlyga uçrap biabraý bolandyrlar diýdi.
Bolgariýanyň prezidenti bu ýurdyň paýtagty Sofiýada Eýranyň daşary işler ministriniň duşuşygynda Bolgariýa döwletiniň Eýran bilen ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge ýörite üns berýänligini yglan etdi.
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani raketa we goranyş enjamlaryny bejermek üçin Eýran hiç kimden rugsat almaz diýip yglan etdi.
Eýranyň daşary işler ministri bilen Serbiýanyň premýer ministri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň köugurlary barada gürrüň etdiler.
Eýranyň daşary işler ministri Tehran döwletiniň köpugurlarda şol sanda syýasy,ykdysady, medeni we parlament ugurlarda Serbiýa bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge taýýarlygyny yglan etdi.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ýemende uruşy togtatmak barada berýän şygarlaryna garamazdan Iňlis döwleti Ýemen uruşynda hüjümçi tarapy goldamak üçin halkara mümkinçiliklerden peýdalanýandyr diýdi.
Eýranyň goranmak ministri eziji düzgüniň Eýrana garşy duşmançylyklaryna yşarat edip duşmanlar Eýrany goranyş taýdan ejizletmegiň yzyndadyrlar diýdi.
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýran milletini siwilizasiýa dörediji, siwilizasiýalary ösdüriji hemde sebitde ilsalarlygyň we demokratiýanyň birinji hatarynda hasaplady.
Eýranyň atom energiýasy guramasynyň metbugat wekili Behruz Kamalwandi Amerikany ýadro ylalaşygy baradaky borçlaryna amal etdirmek üçin Ýewropa bu ýurda basyş bermelidir diýdi.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif terrorçy DAEŞ toparynyň ideýasynyň we maliýa çeşmeleriniň köki guran däldir we DAEŞ-yň barlygy henizem Aziýanyň günbatarynda we htta ondan daşarda bir hakykatdyr diýip …
Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Eýranyň terrorizme garşy göreşmek we Yrakda we Siriýada harby geňeşleri bbermek maksady bilen huzurly bolmagy terrorçylaryň sebite şol sanda Liwana musallat bolmaklarynyň …
Eýran Yslam Respublikasynyň tertip düzgün goraýjy güýjüniň serkerdesi soňky günlerde Tehranyň Pasdaran köçesinde bozgaklyk eden we düzgünçi güýçlere hüjüm edip olaryň üçüsiniň şeheit bolmagyna sebäp bolan gozgalaňçylara garşy berk duruljakdygyny …
Eýranyň goranmak ministri bir topara ýolbaşçylyk edip Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherine bardy. zerbaýjan Respublikasynyň goranmak we harby resmileri Eýranyň goranmak ministrini we hemra toparyny garşyladylar.
Tuesday, 20 February 2018 18:30

ATR uçarynyň läşi tapyldy

Eýranyň Sepah Pasdaranynyň metbugat wekili Asman howa ýollar şereketiniň ATR gysymly uçarynyň läşi tapyldy diýip habar berdi.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Eýran Yslam Respublikasy raketa programasyny goranyş we öňüni alyş çäreler esasynda milleşdirendir diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif uly gudratlar we olaryň sebitdäki ýaranlary ýalňyş düşünjeler esasynda Eýrany aýyplaýarlar emma Eýran sebitiň kuwwatlylygynyň yzyndadyr we sebitde ýolbaşçylygyň yzynda däldir …
Eýranyň Asman howa ýollar şereketiniň ýolagçy gatnatýan ATR gysymly uçary şu gün Tehraniň Mehrabad howa menzilinden Ýasuj şäherine tarap ugrandan soňra Samirom şäheriniň Denakuh sebitinde radardan çykyp ýere gaçdy.
Eýranyň Asman howa ýollar şereketiniň ýolagçy gatnatýan ATR gysymly uçary şu gün Tehraniň Mehrabad howa menzilinden Ýasuj şäherine tarap ugrandan soňra Samirom şäheriniň Denakuh sebitinde radardan çykyp ýere gaçdy.