öten agşam Muhammet Jawad Zarif Braziliýada Miçel Temer bilen geçiren duşuşygynda şeýle-de Eýran bilen Braziliýanyň arasyndaky bank kynçylyklarynyň çözülmegini isledi.
Zarif sözüniň dowamynda Energiýa,tranzit,oba hojalyk we döwrebap tehnologiýalar ugurdaky Eýran bilen Braziliýanyň hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine yşarat edip nebit we gaz senagatynda Braziliýanyň Eýranda maýa goýum etmegini garşylady.
Braziliýanyň prezidenti Miçel Temer hem bu duşuşykda Eýran bilen Braziliýanyň iki taraplaýyn gatnaşyklarynyň ösdürilmegini nygtap iki ýurdyň syýasy we ykdysady toparlarynyň geçirýän maslahatlary iki taraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegine şert döretjekdir diýip yglan etdi.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif mundan ozal Braziliýanyň daşary işler ministri Aloysio Nunes bilen hem duşuşyp gürrüň edipdi.