Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 09 April 2018 16:29

Eýran bilen Orsýetiň parlament hyzmatdaşlyklary barada bir ylalaşyga gol goýuldy

Eýran bilen Orsýetiň parlament hyzmatdaşlyklary barada bir ylalaşyga gol goýuldy
Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani bilen Orsýet dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin Tehranda parlament hyzmatdaşlyklary barada bir ylalaşyga gol çekdiler.

şu gün Eýranyň parlament başlygy Ali Larijani Tehranda Wýaçeslaw Wolodin bilen geçiren duşuşygynda Eýran bilen Orsýetiň parlament hyzmatdaşlyklary durnukly howpsyzlygy berkarar etmek we neşe gaçakçylygyna garşy göreşmek ugurdaky hyzmatdaşlyklar üçin iki ýurdyň parlamentlerinde guruljak bilelikdäki komitet üçin zerurdir diýip nygtady.

Larijani şeýle-de iki taraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ugurda Eýran bilen Orsýetiň möhüm ykdysady proýektleriniň amala aşyrylmagy möhümdir diýip sözüne goşdy.

Orsýet dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin hem bu duşuşykda Tehran bilen Moskwanyň işjeň gatnaşyklardan paýlydyklaryny aýdyp Eýran bilen Orsýetiň asly maksady ykdysady gatnaşyklary ösdürmekdir diýip yglan etdi.

Add comment


Security code
Refresh