Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Friday, 06 April 2018 21:40

Eýran bilen Türkmenistanyň energiýa baradaky durnukly hyzmatdaşlygy

Eýran bilen Türkmenistanyň energiýa baradaky durnukly hyzmatdaşlygy
Eýranyň güýç ministri bilen Türkmenistanyň energiýa ministri Tehranda geçiren bilelikdäki maslahatynda energiýa we suw dogrysynda durnukly hyzmatdaşlygyň hemde energiýa we suw boýunça bilelikdäki komitetiň guralmagynyň zerurlygyny nygtadylar.

şu gün Eýranyň güýç ministri Reza Ardakaniýan Eýran bilen Türkmenistanyň döwlet baştutanlarynyň Aşgabatda energiýa barada karara gelen ylalaşyklaryny yzarlamak üçin Tehrana sapar eden Türkmenistanyň energiýa ministri Çary Purçekow bilen geçiren duşuşygynda bu sapar suw we energiýa dogrysynda iki ýurduň önjeýli hyzmatdaşlyklaryna ýene bir başlangyç bolup biler diýdi.

Eýranyň güýç ministri Reza ardakaniýan prezident hasan Ruhaniň Türkmenistana gurnan saparynyň gidişinda bilelikde gyzyklanma bildirlen meseleleriň birisiniň suw we energiýa  meselesi bolandygyny aýdyp bu duşuşykda iki ýurduň arasyndaky maliýe kynçylyklary çözmek bilen bir wagtda Türkmenistan döwleti Eýrana elektrik geçirýän ikinji linesini hem işjeňleşdirmeli  boldy we şeýle-de 3-nji elektrik geçirijisiniň gurluşuk işleri hem başlanmaly boldy diýip beýan etdi.

Eýranyň güýç ministri Reza ardakaniýan Eýran Yslam respublikasynyň energiýa barada türkmenistan bilen durnuklu hyzmatdaşlygyň yzyndadyr diýmek bilen Türkmenistanyň kanunlarynyň göz öňüne tutulmagy esasynda Eýranyň kompaniýalary Sarahs-mary  elektrik geçirijisiniň 3-nji linesiniň gurluşyk işleri amala aşyryljakdyr diýip yglan etdi.

 Türkmenistanyň energiýa ministri Çary Purçekow hem bu duşuşykda Eýranyň prezidentiniň Türkmenistana gurnan saparyny taryhy hasaplap bu sapar iki ýurduň energiýa dogrysyndaky hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekde taryhy sepgit boljakdyr diýip nygtady.ol şeýle-de iň gysgam wagtda Türkmenistan-Eýran elektrik geçirijisiniň 2-nji lnesiniň işjeňleşdiriljekdigini söz berdi.

Add comment


Security code
Refresh