Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Tuesday, 03 April 2018 17:28

Zarif:goňşy ýurtlar bilen dostluk açmak strategik çäredir

Zarif:goňşy ýurtlar bilen dostluk açmak strategik çäredir
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Eýranyň goňşy ýurtlar bilen dostluk açmagy strategik çäredir diýdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Muhammet Jawad Zarif Türkiýäniň Ýeni Şafak gazetinde çapa beren matlabynda howpsyzlygy Orta Gündogarda tapyp bolmajak mata hasaplap Orta Gündogar sebiti durnuksyz sebite dönip barýandyr diýdi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif sözüniň dowamynda sebitaşa gudratlar mydama sebitde uruşy ileri tutýandyrlar we yzly yzyna uruşlary turuzyp ýaraşyga jaý goýan däldirler diýip nygtady.

Zarif şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy hoş niýetli goňşyçylygy,bilelikdäki howpsyzlygy we bähbitleri goramak ugurda bütin ýurtlar bilen arkadaşlyk etmäge taýýardyr diýmek bilen sebit döwletleri öz milletleri we geljek nesilleri hakynda jogapkärdirler diýip sözüne goşdy.

Add comment


Security code
Refresh