Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Tuesday, 03 April 2018 16:48

Hoşru:ýadro ylalaşygy goramak halkara köpçüliginiň borjydyr

Hoşru:ýadro ylalaşygy goramak halkara köpçüliginiň borjydyr
Birleşen Milletler Guramasyndaky Eýranyň wekili ýadro ylalaşygynyň peselmeginiň öňüne geçmek halkara köpçüliginiň borjydyr diýmek bilen ýadro ylalaşygynyň ygtybary we dowamy başga taraplaryň bu ylalaşyga kämil amal etmeklerine baglydyr diýdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,düýn Birleşen Milletler Guramasyndaky Eýranyň wekili Golamali Hoşru Niuýorkda ýadro ýaragdan boşatmak boýunça komissiýasynyň 2018-nji ýyldaky maslahatynda eden çykyşynda halkara atom energiýasy agentliginiň baş müdiriniň yzly yzyna çykaran 10 hasabaty ýadro ylalaşygy baradaky bütin borçlaryna Eýranyň kämil amal edenligini mälim etýändir diýmek bilen ýadro ylalaşygy bir taraplaýyn däldir we oňa gol çeken başga taraplar hem öz ykrarlarynda durmalydyrlar diýip nygtady.

Hoşru şeýle-de halkara köpçüliginden ýadro ylalaşygy peseltmäge Amerika döwletine rugsat bermezliginiň isledi.

Add comment


Security code
Refresh