Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Tuesday, 03 April 2018 12:57

Eýranyň goranmak ministri Moskwa sapar etdi

Eýranyň goranmak ministri Moskwa sapar etdi
Eýranyň goranmak ministri Orsýetiň halkara howpsuzlyk maslahatyna gatnaşmak hemde bu ýurduň resmileri bilen goranyş we harby meseleler barada gürrüň etmek üçin şu gün Moskwa sapar etdi.

Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň çakylygy esasynda Moskwa sapar eden Eýranyň goranmak ministri  emir sertip  Amir Hatami 4-nji we 5-nji aprelde geçiriljek Orsýetiň halkara howpsuzlyk maslahatyna gatnaşmak niýeti bilen Moskwa sapar edendir.

Eýranyň goranmak ministri  emir sertip  Amir Hatami  şeýle-de Moskwa saparynyň gidişinde Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen hem duşuşyp gürrüň etjekdir.

Eýranyň goranmak ministri  emir sertip  Amir Hatami Orsýetiň halkara howpsuzlyk maslahatynyň ýanynda başga birnäçe ýurduň goranmak ministrleri we howpsuzlyk we harby resmileri bilen hem duşuşyp gürrüň etjekdir.

Orsýetiň halkara howpsuzlyk maslahatyna  dünýäniň 80 ýurdunyň goranmak ministrleri hemde ýokary derejeli harby başlyklary gatnaşar.

Add comment


Security code
Refresh