1979-njy ýylyň birinji apreline bababar gelýän 1358-nji hijri şemsi senesiniň 12-nji farwardin gününde geçirlen referendomda Eýran ilaty bir agyzdan yslam respublikasyny goldadylar we şu gün Eýran senenamasynda Eýran Yslam respublikasy güni diýip atlandyryldy.
Eýranyň yslam wagyzlaryny utgaşdyryjy geňeşi 12-nji farwardin gününi gadyrlamak bilen bir wagtda Eýran milleti 12-nji farwardin gününde gaýratlylyk bilen yslamyň we ýurduň abraýny goramak ugurda aýgytly hereketi amala aşyrdy diýip nygtap geçdi.
Eýranyň sepah pasdarany hem bir beýannama boýunça 12-nji farwardin gününi gadyrlamak bilen bir wagtda Eýranyň goranyş kuwwatlylygy hemde sebitdäki we halkara derejesindäki ýokary orny eziji düzgüni, sionist režimini we olara garaşly döwletleri gazaba çykarandyr diýip yglan etdi.