Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Wednesday, 28 March 2018 17:21

prezident Ruhani Türkmenistanyň taryhy we dini mekanlaryny ýakyndan baryp gördi

prezident Ruhani Türkmenistanyň taryhy we dini mekanlaryny ýakyndan baryp gördi
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Türkmenistana gurnan saparynyň gidişinde bu ýuryň Mary şäheriniň taryhy we dini mekanlaryny ýakyndan baryp gördi.

şu gün Prezident hasan Ruhani Türkmenistanyň Mary şäherinde ymam Reza(as)yň gadamgähini zyýarat edenden  soňra habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde gadymy şäherlerden bolan Mary şäheri taryhda ýörite ähmiýete eýedir sebäbi bu şäher ylmyň we medeniýetiň asly ojagy hasaplanýardy we onda uly kitaphanalar bardy diýip nygtady.

prezident Ruhani sözüniň dowamynda Mary şäherindäki yslam pygamberiniň sahabalarynyň bir näçesiniň mazarlaryna yşarat edip ymam Sajjad(as)yň oglynyň aramgähi hem Marydadyr diýip beýan etdi.

Ruhani şeýle-de Mary şäheri Eýranlylar üçin hem taryhy hemde mukaddes şäher hasaplanýandyr diýip sözüne goşdy.

Eýranyň döwlet baştutany Türkmenistanyň Mary şäherinde ýerleşen Muhammet Zeid Bin Zin Al-Abedin(as)yň,haj Ýüsüp Hemedanyň hemde Seljuklaryň soňky sultany Sultan Sanjaryň gabyrlaryny zyýarat etdi.

prezident ruhani iki taraplaýyn,sebitleýin we halkara möhüm meseleler barada Türkmen resmileri bilen gürrüň etmek üçin sişenbe güni Aşgabada bardy.döwlet baştutanymyz şu gün Türkmenistan saparyny tamamlap Azerbaýjan respublikasynyň paýtagty Bakua bardy.

Add comment


Security code
Refresh