Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Wednesday, 28 March 2018 10:08

Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda 13 resminama gol çekildi

Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda 13 resminama gol çekildi
Eýran bilen Türkmenistanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda iki ýurduň arasynda 13 resminama gol çekildi.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2018 — 2020-nji ýyllarda medeniýet, sungat, ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Söwda hyzmatdaşlygy barada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Senagat, magdanlar we söwda ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Senagat babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Senagat ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Senagat, magdanlar we söwda ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasynda gümrük maglumatlaryny elektron görnüşde alyş-çalyş etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Bilelikdäki Türkmen-Eýran işewürler geňeşini döretmek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda, senagat, magdanlar we oba hojalyk edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Sertifikatlaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy bilen Eýranyň standartlar we senagat barlaglary institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy bilen Eýranyň standartlar we senagat barlaglary institutynyň arasyndaky özara düşünişmek hakynda Ähtnamany ýerine ýetirmek boýunça Meýilnama;

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Oba hojalyk Jihad ministrliginiň arasynda oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Sport we ýaşlar ministrliginiň arasynda sport babatda 2018 — 2019-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Meýilnamasyna; «Türkmenhowaýollary» gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Raýat awiasiýasy guramasynyň arasynda howa ulagy boýunça özara düşünişmek barada Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy we halkara barlaglar institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Maşadyň Ferdöwsi adyndaky uniwersitetiniň (Eýran Yslam Respublikasy) arasynda ylym-bilim babatda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (Türkmenistan) bilen Maşadyň Ferdöwsi adyndaky uniwersitetiniň (Eýran Yslam Respublikasy) arasynda ylym-bilim babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilýär.

Add comment


Security code
Refresh