Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Tuesday, 13 March 2018 20:02

Ruhani: Tehran-Baku Aziýa bilenÝewropany birleşdirýän şaýol bolup biljekdirler

Ruhani: Tehran-Baku Aziýa bilenÝewropany birleşdirýän şaýol bolup biljekdirler
Eýranyň döwlet baştutany hasan Ruhani Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasy Aziýa we Afrka yklymlaryny Ýewropanyň demirgazyfyna birikdirip biljek şaýol bolup başarjakdyrlar diýdi.

şu gün prezident Hasan Ruhani Tehranda Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Şahin Mustafaýew bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň döwletleri we milletleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny pugtalandyrmak barada berk yrada gulluk edýändirler diýdi.

prezident Ruhani şeýle-de Tehran-baku döwletleriniň hazar deňiziniň hukuk derejesini belli etmek ugurdaky gepleşikleriniň we hyzmatdaşlyklarynyň dowam etdirilmegini hemde bu sebitde bilelikdäki ykdysady işleri ileri alyp gitmek barada arkadaşlyk etmeklerini nygtady.

prezident Ruhani azeri kärdeşiniň resmi çakylygyna we şu esasda golaý geljekde Azerbaýjan Respublikasyna sapar etjekdigine yşarat edip bu saparyň iki ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň çuňlaşmagyna sebäp bolmagyny umyt etdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Şahin Mustafaýew hem bu duşuşykda Eýran bilen Azerbaýjan ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmäge ykjamdyklaryny aýdyp soňky ýyllarda iki ýurduň söwda dolanşygynyň möçberi ösendir diýip nygtap geçdi.

Add comment


Security code
Refresh