Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 12 March 2018 21:16

Rahmani Fazli:neşe maddalaryň döretýän kynçylyklaryny halkara hyzmatdaşlyklar bilen çözüp bolar

Rahmani Fazli:neşe maddalaryň döretýän kynçylyklaryny halkara hyzmatdaşlyklar bilen çözüp bolar
Eýranyň içeri işler ministri Abdorreza Rahmani Fazli neşe maddalaryň döretýän kynçylyklaryny halkara derejesindäki hyzmatdaşlyklar we syýasy ýörelgeleri gyraga taşlamak bilen çözüp boljakdyr diýip nygtady.

şu gün Eýranyň içeri işler ministri Abdorreza Rahmani Fazli Wenada Birleşen Milletler Guramanyň neşe maddalar boýunça komissiýasynyň 61-nji maslahatynda eden çykyşynda Eýran neşe maddalaryna we neşe gaçakçylygyna garşy göreşmek barada köp tejribeden paýlydyr diýmek bilen bu şum gopguny ýok etmek ugurda hyzmatdaşlyk etmäge Eýran taýýardyr diýip yglan etdi.

Rahmani Fazli şeýle-de 2017-nji ýylda tirýek önüminiň 87 göteriminiň artanlygyny aýdyp aklyňy üýtgedýän neşe dermanlaryň önüminiň artmagy barada hem howatyrlanma bildirdi.

ol sözüniň dowamynda halkara arkadaşlyklarda parh goýmalaryň we bu meseläniň syýasy edilmeginiň neşe maddalaryň dowamly şekilde köpçülige hemde ýurtlaryň ykdysady we sosýal binýatlaryna abanyp duran wehim bolmagyna sebäp bolandyr diýdi.

şu gün Wenada başlanan Birleşen Milletler Guramanyň neşe maddalar boýunça komissiýasynyň 61-nji maslahaty 5 günläp dowam eder.

 

Add comment


Security code
Refresh