Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 12 March 2018 20:00

Zarif Pakistanyň premýer ministri bilen duşuşdy

Zarif Pakistanyň premýer ministri bilen duşuşdy
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen Pakistanyň premýer ministri özra hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegini nygtadylar.

şu gün Muhammet jawad Zarif yslamabatda Pakistanyň premýer ministri Şahed hagan Abbasi bilen geçiren duşuşygynda halkara derejesinde we guramalarda Eýrany goldamagy babatly Pakistana minnetdarlygyny bildirip iki dost we dogan ýurtlary bolan Eýran bilen Pakistanyň ähli ugurlarda hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegini nygtady.

Zarif bilen Şahed hagan Abbasi şeýle-de bu duşuşykda Eýran gazyny Pakistana geçirjek turba ýolyň çekilmegi barada hem gürrüň edip bu meseläni yzarlamak işiniň iki ýurduň nebit ministrliklerine buýurlmagy barada karara geldiler.olar şeýle-de söwdany artdyrmak, bank hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek , serhet kynçylyklaryny çözmek hemde sebitleýin we halkara derejesindäki hyzmatdaşlyklary artdyrmak barada pikir alyşdylar.

Zarif şeýle-de şu gün Pakistanyň içeri işler ministri Ehsan Ykbal bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň taryhy we medeni baglanşyklaryna yşarat edip özara gatnaşyklaryň ösdürilmegini isledi.

Add comment


Security code
Refresh