Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 12 March 2018 16:21

Eýran bilen Pakistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Eýran bilen Pakistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Eýran yslam respublikasynyň daşary işler ministri bilen Pakistanyň daşary işler ministri özara gatnaşyklaryň aýratynda syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyklaryň pugtalandyrylmagyny nygtadylar.

 

şu gün Eýran yslam respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen Pakistanyň daşary işler ministri Hajamuhammet Asefiň duşuşygynda Eýran bilen Pakistan iki dost we goňşy hemde uzyn uzak araçägi bolýan ýurtlar höküminde araçägiň howpsyzlygyny üpjün etmekde we terrorçylaryň operasiýalarynyň öňüne geçmekde hyzmatdaşlyklaryny berkitmelidirler diýdi.

Pakistanyň daşary işler ministri Hajamuhammet Asef hem bu duşuşykda Yslamabada sapar eden Eýranly kärdeşini garşylap Tehran-Yslamabadyň syýasy we ykdysady gatnaşyklarynyň berkidilmegini nygtap Pakistanyň Eýran bilen saklaýan syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyklaryny ösdürmäge taýýarlygyny yglan etdi.

Zarif bilen Asef bu duşuşykda şeýle-de Owganystanyň parahatçylyk gidişini goldamak,serhet söwda bazarlary ösdürmek,yslam dünýäsi we halkara özgerişler,Ymam Reza(as)yň zyýaratyna barjak Pakistanly zyýaratçylara ýeňillik döretmek,sebitde parahatçylyk döretmek ugurda tagalla etmek hemde terrorizme,ekstremistik toparlara we gaçakçylara garşy göreşmek hakynda gürrüň etdiler.

Add comment


Security code
Refresh