Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Saturday, 10 March 2018 19:22

Eýranyň Londondaky ilçihanasyna garşy amala aşyrlan hüjüm ýazgaryldy

Eýranyň Londondaky ilçihanasyna garşy amala aşyrlan hüjüm ýazgaryldy
Eýran mejlisiniň milli howpsyzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Alaeddin Brujerdi Eýranyň Londondaky ilçihanasyna garşy amala aşyrlan hüjüm Britaniýanyň polisiýasynyň rugsaty bolmasa boljak iş däldir diýdi.

Eýran mejlisiniň milli howpsyzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Alaeddin

Brujerdi şeýle-de Eýranyň Londondaky ilçihanasyna garşy hüjümiň jogapkärçiligi Britaniýa döwletiniň üstünedir diýip sözüne goşdy.

Eýran mejlisiniň milli howpsyzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň metbugat wekili Seit Huseýin Nagawihuseýini hem Eýranyň Londondaky ilçihanasyna garşy hüjümi ýazgarmak bilen bir wagtda onuň jogapkärçiliginiň Britaniýa döwletiniň üstünedigini aýtdy.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi hem öten agşam bir näçe azan adamyň Eýranyň Londondaky ilçihanasyna eden hüjümleriniň gaýtawulynda Eýranyň ilçihanasyny we diplomatlaryny goramak Britaniýanyň borjydyr diýip yglan etdi.

Gasemi şeýle-de Eýranyň daşary işler ministrniň orunbasary Abbs Aragçi hem ýaňky mesele babatly Eýranyň gaty nägiledigini Britaniýanyň Tehrandaky ilçihanasyna yglan edendir diýip habar berdi.ol şeýle-de Eýranyň ilçihanasyna hüjüm eden adamlaryň tutulanlygyny habar berdi.

Eýranyň Londondaky ilçisi Hamid Baeidinezad hem ýaňky hüjümi ýazgaryp bu ilçihanada aramlygyň berkarar bolanlygyny we Eýran Yslam Respublikasynyň baýdagynyň parlap duranlygyny yglan etdi.

yslam ynkylabynyň mertebesi ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy Ali Akbar Welaýati Eýranyň Londondaky ilçihanasyna garşy amala aşyrlan hüjüm barada Britaniýanyň resmileri kemçilik goýberendirler diýmek bilen olar bu hüjümiň öňüne geçip bilýärdiler oňa görä bu mesele jogap bermelidirler diýip nygtap geçdi.

düýn özlerini Şirazi frkasynyň tarapdarlary bilýän bir näçe adam Eýranyň Londondaky ilçihanasyna hüjüm edip Eýranyň mukaddes baýdagyna hormatsyzlyk etdiler.

 

Add comment


Security code
Refresh