Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Tuesday, 06 March 2018 16:14

Ruhani:ýadro ylalaşygyň bozulmagy hemmeleri ökündirjekdir

Ruhani:ýadro ylalaşygyň bozulmagy hemmeleri ökündirjekdir
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani howpsyzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak hemde sebitleýin hyzmatdaşlyklaryň gerimini giňeltmek ugurda ýadro ylalaşygyň goralmagyny nygtap ýadro ylalaşygyň bozulmagy hemmeleri ökündirjekdir diýip nygtady.

düýn prezident Hasan Ruhani Tehranda Fransiýanyň daşary işler ministri Jean Ywes Le Drian bilen geçiren duşuşygynda ýadro ylalaşygyny bütin taraplar üçin bir synag hasaplap ýadro ylalaşygyň goralmagy kynçylyklaryň çözülmegi üçin gepleşikleriň we diplomatiýanyň iň gowy ýoldygyny belli etjekdir we emma ol bir tarapdan ýadro ylalaşygyň bozulmagy hem syýasy gepleşikleriň peýdasyzdygyny mälim etjekdir diýip beýan etdi.

prezident Ruhani şeýle-de Eýran hiç haçan ýadro ylalaşygyny bozýan birinji tarap bolmaz we sebit we halkara derejesinde ynamy,aramlygy we hyzmatdaşlygy artdyrmak ugurda ony oňat çäre hasaplaýandyr diýip sözüne goşdy.

Fransiýanyň daşary işler ministri Jean Ywes Le Drian hem bu duşuşykda ýadro ylalaşygynyň goralmagyny nygtap Pariž döwleti ýadro ylalaşygyny goramak ugurda bar tagallasyny etjekdir diýip yglan etdi.

Jean Ywes Le Drian prezident Ruhani bilen geçiren duşuşygyndan soňra beren gürrüňlerinde hem Orta Gündogaryň ýagdaýy barada howatyrlanma bildirip bu sebitde ýaňadan howpsyzlygy berkarar etmek üçin çäre tapmak ugurda Pariž döwleti Tehran döwleti bilen gepleşiklerini dowam etdirjekdir diýip nygtap geçdi.

Add comment


Security code
Refresh