Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Sunday, 04 March 2018 21:38

Eýran bilen Fransiýanyň prezidentleri telefon arkaly söhbetdeş boldylar

Eýran bilen Fransiýanyň prezidentleri telefon arkaly söhbetdeş boldylar
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani bilen Fransiýanyň prezidenti Emanuel Makron şu gün ikindin telefon arkaly gürrüň etdiler.

prezident Ruhani Emanuel Makron bilen geçiren bu söhbetdeşliginde bütin taraplaryň ýadro ylalaşygyna ygrarly bolmaklaryny nygtap Tehran döwleti garşydaky taraplarynyň ýadro ylalaşygy baradaky borçlaryna amal edýän mahalyna çenli öz ygrarynda durjakdyr diýip yglan etdi.

Eýranyň döwlet baştutany sebitleýin meseleler barada Eýran bilen Ýewropanyň hyzmatdaşlyklaryny oňaýly hasaplap bu hyzmatdaşlyklaryň ýadro ylalaşygyna degişli ýeriniň ýoklygyny aýtdy.

prezident Ruhani şeýle-de Ýemeniň ýazyksyz ilatynyň dowamly hüjümler bilen gyrana berilmegi bilen bir wagtda gytçylyk we ýokanç keseller bilen ýaka towlaşýandygyny aýdyp Ýemeniň zulum astyndaky milletine kömek bermek ugurda Ýewropanyň aýratynda Fransiýanyň çäre görmegini isledi.

Fransiýanyň prezidenti Emanuel Makron hem bu söhbetdeşlikde Pariž döwletiniň Tehran bilen açyk,berk we durnukly gatnaşyklary berkarar etmegiň yzyndadyr diýmek bilen ýadro ylalaşygyny goldamak ugurda Fransiýa döwleti elinden gelen işi etjekdir diýip yglan etdi.

Add comment


Security code
Refresh