Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Sunday, 04 March 2018 16:31

Gasemi:Eýrana garşy esassyz toslamalar Bahreýniň kynçylygyny çözmez

Gasemi:Eýrana garşy esassyz toslamalar Bahreýniň kynçylygyny çözmez
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Bahreýniň içeri işler ministrliginiň Eýrana garşy toslamalaryny ret edip içeriki kynçylyklarynyň jogapkärligini başga bir ýurdyň üstüne oklamak we esassyz hileleriň we toslamalaryň gaýtalanyp durulmagy Bahreýn häkimiýetiniň bu ýurdyň ilaty bilen bolan kynçylygyny çözmez diýip nygtady.

şu gün Bahram Gasemi ýene bir gezek Bahreýn resmilerine garap howpsyz çäreleri we pozisiýalary güýçlendirmegiň ýerine ilat bilen gepleşiklere şert dörediň diýip tabşyrdy.

düýn Bahreýniň içeri işler ministrligi bu ýurtda terrorçylykly hüjüme baş goşmakçy bolan 116 adamy tutanlygyny yglan edip olaryň bir topary Eýran,Liwanyň Hizbollasy we Yrakdaky çydam toparlary arkaly tälim görendirler diýip toslady.

Bahreýniň parlamentiniň öňki wekili we Al-Wefak yslam jemgyýetiniň agzasy Ali Al-aswad  Bahreýniň içeri işler ministrliginiň bu işlerden yzarlaýan maksadynyň Arap ýurtlaryň goldawynyň gazanmak we bu ýurdyň parahatçylykly şekilde aýaga galan ilatyny basyp ýatyrmakdyr diýip beýan etdi.

Bahreýn režimi geçen 7 ýylda esassyz aýyplamalar bilen azyndan 11000 Bahreýnlini tussag edip olaryň bir toparynyň raýatlyk hakyny ýatyrandyr.

adam hukuk çeşmeleriniň beren maglumatlary esasynda Aziýanyň günbatarynda iň kiçi ýurt hasaplanýan Bahreýn ýurdy iň köp syýasy bendie eýedir.

Add comment


Security code
Refresh