Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Sunday, 04 March 2018 15:32

Brujerdi:Eýran,Türkiýe we Orsýet Amerikanyň sebitdäki hereketlerini güýçden düşürip biljekdirler

Brujerdi:Eýran,Türkiýe we Orsýet Amerikanyň sebitdäki hereketlerini güýçden düşürip biljekdirler
Eýran mejlisiniň milli howpsyzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy sebit ýurtlarynyň toprak bitewiliginiň goralmagyny nygtap Eýran,Türkiýe we Orsýet Amerikanyň sebitdäki hereketlerini güýçden düşürip sebit ýurtlarynyň bölünmeginiň öňüne geçip bilýändirler diýdi.

Eýran mejlisiniň milli howpsyzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Alaeddin Brujerdi Tehranda Türkiýe parlamentiniň daşary gatnaşyklar komissiýasynyň başlygy Wolkan Bozker bilen geçiren duşuşygynda sebit ýurtlaryny bölmek ugurdaky Amerika we Sionist režiminiň mekirli hilelerine yşarat edip Amerika we Sionist režimiň şum niýetleri olaryň terrorçylara goldaw bermekleri bilen äşgär bolandyr diýip nygtady.

Türkiýe parlamentiniň daşary gatnaşyklar komissiýasynyň başlygy Wolkan Bozker hem bu duşuşykda sebit we halkara meseleler baradaky Tehran-Ankaranyň gowy gatnaşyklaryna yşarat edip Eýran,Türkiýe we Orsýetiň hyzmatdaşlyklary sebitiň bähbidine bolandyr diýip nygtap geçdi.

ol şeýle-de Amerikanyň sebitde amala aşyran ýalňyş hereketleriniň terrorçy toparlaryň kuwwatlanmaklaryna we sebitde dartgynlylyk döredenligine sebäp bolanlygyna yşarat edip Türkiýe hem Eýran ýaly Siriýanyň toprak bitewiligini nygtaýandyr diýdi.

Add comment


Security code
Refresh