Monday, 12 February 2018 18:44

Aýatolla larijani: 22-nji bahmaniň ýol ýörişleri duşmanlaryň hilelerini güýçden düşürendir

Aýatolla larijani: 22-nji bahmaniň ýol ýörişleri duşmanlaryň hilelerini güýçden düşürendir
Eýranyň kazyýet güýjiniň başlygy Aýatolla Sadeg Amoli larijani düýn Eýran milletiniň millionlarça bolup yslam ynkylabyň ýeňişe ýeten gününiň ýyllygynda ýöriş etmegi Eýranyň milli kuwwatlylygynyň artmagyna we duşmanlaryň pitneleriniň şowsuzlyga uçramagyna sebäp bolandyr diýip nygtady.

şu gün Aýatolla Sadeg Amoli Larijani Eýranyň kazyýet güýjiniň ýokary derejeli jogapkärleri bilen geçiren maslahatynda 22-nji bahmaniň ýol ýörişini uly hasaplap bu hereket durmuşky ýiti ýagdaýda bütindünýä ählini haýrana goýandyr we duşmanlaryň millionlarça dollar çykajysyny  peýdasyz edendir diýdi.

Eýranyň kazyýet güýjiniň başlygy Aýatolla Sadeg Amoli larijani şeýle-de Eýran milleti  bütin kynçylyga garamazdan dosty-duşmany gowy saýgaryp başarýandyr we ýol ýörişlere giňden gatnaşyp milli birleşigini sergä goýandyr diýip sözüne goşdy.

Add comment


Security code
Refresh