Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 11 January 2018 21:00

Jafari:Amerikalylar Sionistleriň islegi esasynda Eýrana garşy hereket edýändirler

Jafari:Amerikalylar Sionistleriň islegi esasynda Eýrana garşy hereket edýändirler
Eýranyň Sepah Pasdaran güýjüniň baş serkerdesi Amerikalylar Sionistleriň we yslamyň duşmanlarynyň islegleri esasynda Eýrana garşy gadaganlyklary amala aşyrýandyr diýdi.

Mehr habarlar gullugynyň beren habaryna görä, öten agşam Eýranyň Sepah Pasdaran güýjüniň baş serkerdesi serdar ser leşger Muhammet Ali Jafari duşmanlaryň Eýrana garşy gadaganlyklary amala aşyrmak bilen ýurdymyza urgy urmagyň yzyndadyklaryny aýdyp duşmanlar hiç haçan bu maksatlaryna ýetip başarmazlar diýip nygtady.

serdar ser leşger Muhammet Ali Jafari soňky wagtlarda Eýranda ýüze çykan wakalara yşarat edip Eýranda amala aşyrlan täze pitne Amerika,Sionist režimi we Arabystanyň işidir diýip sözüne goşdy.

Amerika we onuň ýaranlary sebitde Eýran milletiniň garşysynda şowsuzlyga uçrandyklary babatly Eýran Yslam Respublikasyna urgy urmagyň yzyndadyrlar diýip serdar Jafari aýtdy.

Add comment


Security code
Refresh