Thursday, 11 January 2018 20:02

Eýran bilen Ýewropa ýadro ylalaşygyň amala aşyrylmagyny nygtady

Eýran bilen Ýewropa ýadro ylalaşygyň amala aşyrylmagyny nygtady
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat jogapkäri federika Mugerini hemde Fransiýanyň,Germaniýanyň we britaniýanyň daşary işler ministrleri şu gün Brusselde duşuşyp ýadro ylalaşygynyň amala aşyrylmagyny nygtadylar.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä Muhammet Jawad zarif  Brusselde geçirlen maslahatda bütin taraplardan ylaýtada Ýewropa bileleşiginden ýadro ylalaşygy baradaky borçlaryna amal etmeklerini  isledi.

Fransiýanyň daşary işler ministri Žan Iýo Lodriýan, Germaniýanyň daşary işler ministri Zigmar Gabriýel hemde Iňlisiň daşary işler ministri Boris Janson hem brussel maslahatynda diplomatiýanyň taýsyz üstünligi bolan ýadro ylalaşygynyň goralmagyny we bütin taraplaryň ýadro ylalaşygyň bilelikdäki iş maslahatyna amal etmeklerini nygtadylar.

Add comment


Security code
Refresh