Wednesday, 10 January 2018 20:01

Sebiti durnuksyzlaşdyrmak Amerika,Ysraýyl we Ale-Saud režimleriniň gün tertibindedir

Sebiti durnuksyzlaşdyrmak Amerika,Ysraýyl we Ale-Saud režimleriniň gün tertibindedir
Eýran mejlisiniň milli howpsyzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Amerika,Ale-Saud we Sionist režimleri sebiti durnuksyzlaşdyrmagy özleriniň gün tertibinde ýerleşdirendirler diýdi.

Eýran mejlisiniň milli howpsyzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Alaeddin Burujerdi şu gün Tehranda Liwanyň Hizbulla partiýasynyň syýasy geňeşiniň Arap we Afrika gatnaşyklary boýunça jogapkäri Şyh Hasan Ezzeddin bilen geçiren duşuşygynda Amerika,Ysraýyl we Ale-Saud režimleriniň Siriýa we Yrakda terrorçy DAEŞ toparyndan tamalary üzüleni soňra Yragyň Kurdistan sebitiniň garaşsyzlygy,Liwanda syýasy dartgynlylygy döretmek we Kudusy Sionist režiminiň paýtagty höküminde ykrar etmegi ýaly mekirli hereketleri amala aşyrdylar emma bu pitneleri hem şowsyzlyga uçrady diýip yglan etdi.Alaeddin Burujerdi sözüniň dowamynda Siriýada terrorçylara garşy göreşde çydam toplumynyň gazanan ýeňişlerini gutlap indi çydam toplumynyň duşmanlaryň agalyk etmek ýolyny kämil baglamak üçin ykdysady meýdanynda hem hüşgärlik bilen hereket edmelidir diýip beýan etdi.Çydam toplumyny goldamak we Palestinanyň zulum astyndaky halkyndan arka çykmak Eýran Yslam Respublikasynyň üýtgemez syýasatydyr diýip Burujerdi sözüne goşdy.Liwanyň Hizbulla partiýasynyň syýasy geňeşiniň Arap we Afrika gatnaşyklary boýunça jogapkäri Şyh Hasan Ezzeddin hem bu duşuşykda çydam toplumyny goldamagy babatly Eýrana minnetdarlygyny bildirip Amerika we ýaranlarynyň setdäki mekirli hilelerini şowsyzlyga uçratmakda Eýranyň möhüm roly oýnandygyny aýtdy.

 

Add comment


Security code
Refresh