Tuesday, 09 January 2018 21:21

Jahangiri:Amerika ýadro ylalaşygyndan çyksa zyýan görjekdir

Jahangiri:Amerika ýadro ylalaşygyndan çyksa zyýan görjekdir
Eýranyň döwlet baş tutanynyň birinji orunbasary Ishak Jahangiri Amerika ýadro ylalaşygyndan çyksa zyýan görjekdigine şek şübhe ýokdyr diýdi.

şu gün Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Ishak Jahangiri Tehranda Aýatolla Haşamy Rafsanjanyň dünýäden gaýdan gününiň birinji ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen ýygnakda beren gürrüňlerinde Waşington döwletiniň ýadro ylalaşygyndan çykmagy bilen Eýranlylaryň matam tutmajakdyklaryny Amerikalylar bilip goýsynlar diýip nygtady.

Eýran bilen 5+1 topary arasynda hasyl bolan ýadro ylalaşygy 2016-nji ýylyň Ýanwar aýndan ýerine ýetirilip başlandy emma bu toparyň bir agzasy höküminde Amerika döwleti bu ylalaşygy amala aşyrmakda ähdiýalanlyk edýändir.

Amerikanyň prezidenti Donald Trump ýadro ylalaşyga gol goýan beýleki ýurtlaryň tersine ýadro ylalaşygyny erbet ylalaşyk hasaplap bu ylalaşygyň bozulmagyny nygtaýandyr emma dünýä ýurtlary Trumpyň bu hereketine garşydyrlar.

Ishak Jahangiri sözüniň ýene bir bölüminde Yslam Ynkylabynyň ýeňişe ýetmeginde Aýatolla Haşamy Rafsanjanyň ýerine ýetiren rulyna yşarat edip Aýatolla Haşamy Rafsanjany ömriniň soňky demine çenli Yslam Ynkylabyndan arka çykandyr diýip beýan etdi.

 

Add comment


Security code
Refresh