Wednesday, 06 December 2017 20:59

Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky kynçylygyň çözgidi halkara kazyýete gowşuryldy

Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky kynçylygyň çözgidi halkara kazyýete gowşuryldy
Eýranyň milli gaz şereketiniň ýerine ýetiriji müdiri Eýran bilen Türkmenistan bir-birlerinden talap edýän zatlary bardyr we bu mesele çözülmelidir emma Tehraniň garaýşyndan onuň soňky çäresi halkara kazyýete ýüzlenmekdedir diýip yglan etdi.

Eýranyň milli gaz şereketiniň ýerine ýetiriji müdiri Hamidreza Aragi ŞANA habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýran bilen Türkmenistanyň gaz hyzmatdaşlyklaryna yşarat edip geçen ýyllaryň boýunda Eýran Türkmenistandan gaz alýardy we bu akym geçen ýanwar aýyndan kesildi, şu arada iki ýurduň birek-birekden isleýän zatlary bardyr we bu meseleler çözülmelidir diýip nygtady.

Eýranyň milli gaz şereketiniň ýerine ýetiriji müdiri Hamidreza Aragi sözüniň dowamynda  Eýran yslam respublikasy şol başda Türkmenistan bilen kynçylygyny gepleşikler arkaly çözülmegini isleçärdi diýip beýan etdi.

Eýranyň nebit ministrniň orunbasary hemde Eýranyň milli gaz şereketiniň ýerine ýetiriji müdiri Hamidreza Aragi şeýle-de Türkmenistandan Eýrana akdyrylýan gazyň kesilmegi babatly Eýrana zyýanlar ýetişdi we bu mesele hem türkmen resmilerine yglan bolandyr diýip sözüne goşdy.

egerde Türkmenistan gaz dawasyny halkara kazyýetde çözmegi isleýän bolsa Eýran hem ony garşylaýar diýip Eýranyň milli gaz şereketiniň ýerine ýetiriji müdiri Hamidreza Aragi yglan etdi.2017-nji ýylyň ýanwar aýyndan Türkmenistan Eýrana akdyrýan gazyny kesdi.

Add comment


Security code
Refresh