Wednesday, 06 December 2017 18:34

Eýran bilen türkiýäniň prezidentleri Palestina garşy täze pitnäniň garşysynda durulmagyny nygtadylar

Eýran bilen türkiýäniň prezidentleri Palestina garşy täze pitnäniň garşysynda durulmagyny nygtadylar
Eýran bilen türkiýäniň prezidentleri Hasan Ruhani bilen Rejep Taýyp Ärdogan şu gün telefon arkaly geçiren söhbetdeşliklerinde Palestinanyň soňky özgerişleri ylaýtada Kudus şäherini sionist režimiň paýtagty höküminde ykrar etmegi baradaky Amerikanyň tutan tutumy barada gürrüň etdiler.

Hasan Ruhani bu söhbetdeşlikde Ärdoganyň yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň başlyklarynyň Stambulda adatdan daşary maslahat geçirmekleri baradaky teklibine hemde Eýranyň döwlet baştutanyny bu maslahata çagyrmagyna yşarat edip Eýran Yslan respublikasynyň garaýşyça durmuşky ýagdaýda musulman ýurtlaryň hemmesi birleşip Amerikanyň Palestina baradaky nädogry, bikanun, öjükdiriji we gaty howply hereketiniň garşysynda çynlakaý herekete baş goşmalydyr diýip yglan etdi.

Türkiýäniň prezidenti rejep Taýyp Ärdogan hem bu söhbetdeşlikde şerip Kudusy Palestinanyň özülmez bölegi hasaplap Amerikanyň prezidentiniň Kudusy sionist režimiň paýtagty höküminde yglan etmäge milt etmegi yslam dünýäsiniň içerki agzalalyklarynyň netijesidir diýip nygtady.

Add comment


Security code
Refresh