Friday, 01 December 2017 10:55

Eýranyň Kerman welaýatynda 6.1 rişder derejesinde ýer titredi

Eýranyň Kerman welaýatynda 6.1 rişder derejesinde ýer titredi
şu gün ertir bilen Eýranyň Kerman welaýatynyň Hojedk şäherinde 6.1 rişder derejesinde ýer titredi.

Parstodaýiň beren habaryna görä Kerman welaýatynyň Hojedk şäheriniň ilatyny hemde bu welaýatyň başga şäherdir obalarynyň ilatynyň ýüreklerine gorkysaldy.

Eýranyň Kerman welaýatynyň adatdan daşary ýagdaýy dolandyrýan müdiriýetiniň jogapkäri Ali Hoseýinzade Mehrabi bu welaýatda ýüze çykan hadysanyň ýetiren zyýanlary barada heniz hasabat çykarlan däldir diýip yglan etdi.

ol şeýle-de bu hadysada heläkçilik barada hem hasabat gelip gowşan däldir diýip sözüne goşdy.

Kerman welaýatynyň Hojedk şäheriniň ýer titremesi juma güni ertir bilen Eýran wagty bilen sagat 06:02:44 ýüze çykdy.

Add comment


Security code
Refresh