Monday, 13 November 2017 14:49

Ruhani: döwlet bütin mümkinçilikleri bilen ýer titreme hadysasyna uçranlaryň ýanynda boljakdyr

Ruhani: döwlet bütin mümkinçilikleri bilen ýer titreme hadysasyna uçranlaryň ýanynda boljakdyr
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýranyň günbatarynda ýerleşen welaýatlaryň ýetr titreme hadysasyna uçraln ilatyna duýgydaşlygyny beýan edip döwlet bütin mümkinçilikleri bilen ýer titreme hadysasyna uçranlaryň ýanynda boljakdyr diýdi.

Eýranyň günbatarynda7/3 rişder derejesinde bolan ýer titreme ýüze çykdy.

Eýranyň dartgynlylyklary dolandyrýan guramasy şu wagta çenli ýertitreme hadysasynda 328 adamyň ölenligini we 2500-den gowrak adamyň hem ýaraly bolanlygyny yglan etdi.

şu gün prezident Hasan Ruhani Eýranyň günbatarynda ýerleşen welaýatlaryň we goňşy welaýatlaryň jogapkär we meded ýetiriji organlarynyň hemmesi bütin mümkinçilikleri bilen hadysa uçranlar ýerdam etmek ugurda tizlik bilen amal etmelidirler diýip nygtady.

Ruhani şeýle-de bu hadysada aradan çykanlara alladan rahmet we ejir çekenlere tizlik bilen sagalmaklaryny we musybata uçranlara we tutuş Eýranlylara sabyr arzuw etdi.

Eýranyň prezidenti Hasan Ruhaniň buýrugy esasynda Eýranyň içeri işler we saglygy goraýyş ministrleri hemde gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň başlygy prezidentlik gullugyndan bir toparyň hemralyk etmeginde Kermanşa welaýatynyň hadysa uçran sebitlerine gitdiler.

Add comment


Security code
Refresh